Türkmen vizany nädip almaly


Wiza almaklygyň düzgüni:

  1. Wiza almaklygyň işini resmileşdirmek üçin, taslamanyň ýewropa utgadyryjysy iki hat talaplylygyny Ýewropanyń resmikagyzynda elektron poçta arkaly ugratmaly. Birinji hat talaplylygy çakylyk hökmünde, ekspertiň (ýa-da ekspertleriň toparynyň) pasportynyň reňkli nusgasyny türkmen tarapyndan utgaşdyryjy uniwersitetiniň rektorynyň adyna, ikinji hat talaplylygy bolsa Türkmenistanyň Maliýe ministri, halkara tehniki kömegiň maksatnamalaryň Milli utgaşdyryjysynyń adyna elektron poçta arkaly ugradylan bolmaly (ikinji hatyň manysy birinji hatdaky ýaly bolmaly).
  2. Rugsatnama alnandan soň, Türkmen uniwersitetiniń rektory Türkmenistanyń bilim ministirligine resmisapara rugsatnamany almak üçin, haýyşnama görnüşinde ýüzlenýär.
  3. Haçan-da Türkmenistanyń Bilim ministrliginden rugsatnama alnandan soń, Türkmen uniwersitetiniń rektory çakylygy almak üçin Türkmenistanyň Maliýe ministrine haýyşnamany ugratýar, Türkmenistanyń halkara tehniki kömegiň maksatnamalaryň Milli utgaşdyryjysynyń adyna (ýewropa utgaşdyryjynyň haty goşulýar).
  4. Türkmenistanyň Maliýe ministirlikdäki Milli utgaşdyryjynyń Ofisi, haýyşnamalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ugradýar, soňra Daşary işler ministrligi haty Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna ugradýar.
  5. Formal garaýyşlary tamamlan soń, Türkmenistanyň Maliýe ministirlikdäki Milli utgaşdyryjynyń ofisiniń işgärleri ýa-da Türkmen uniwersitetiniń ýerli utgaşdyryjysy Migrasiýa gullugynda çakylygy alyp biler.
  6. Çakylyk hatynyń barlygynda Wiza Türkmenistanyń ilçihanasynda, ýa-da Aşgabadyń aeroportyna gelen wagtynda alynyp bilner (adaty bolşy ýaly)