Habarlar


“AKADEMIKA” TASLAMASY BOÝUNÇA IKINJI MILLI ÇÄRE GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda “Akademika” taslamasynyň çäklerinde taslama boýunça geljekde öňde goýlan maksatnamalary durmuşa geçirmäge gatnaşjaklar goldanylyp, Türkmen döwlet maliýe institutynda ikinji milli çäre geçirildi.

Maslahatda TDMI-niň taslama toparynyň utgaşdyryjysy (koordinator) Ş.Bäşimow çykyş edip, öňde goýlan maksatlaryň ýerine ýetirilişi we “Akademika” taslamasynyň ikinji etaby boýunça ýerine ýetirilmeli işler barada gatnaşyjylary tanyşdyrdy.

Toparyň agzasy G. B. Şamuhammedow dersleri döwrebaplaşdyrmak we bilim maksatnamasy boýunça monitoringiň netijeleri barada çykyş etdi.

“Akademika elektron kursunyň” üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde umumy, amaly we laboratoriýa sapaklary, hem-de aşakdaky dersler boýunça okatmagyň usullary we barlagyň görnüşleri döwrebaplaşdyryldy:

“Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy”, “Halkara töleg ulgamy”, “Ykdysady pudaklarda informasion ulgam we tehnologiýa”.

“Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy” kafedrasynyň mugallymy Ş. Şagulyýew taslama boýunça okuwa gatnaşyjylar bolan talyplar üçin maglumatyň (anketanyň) doldurylyşy barada çykyş etdi.

Maslahatyň ahyrynda TDMI-da döwrebaplaşdyrylan dersler boýunça talyplary okatmakda gazanylan netijeler boýunça gatnaşyjylaryň soragyna jogap berildi.

Çärä taslamanyň agzalary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary, talyplary we Milli Erasmus+ edarasynyň utgaşdyryjysy (koordinatory) A. Çörekliýewa, Milli Erasmus+ edarasynyň eksperti G. Saryýewa gatnaşdylar.


2018 nji ýyl üçin Erasmus + taslamasyna talaplyk (zayawka) tabşyrmak boýunça bäsleşik yglan edildi.

2017-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda ýewropa Bileleşiginiň saýdynda 2018-nji ýyl üçin Erasmus + taslamasy boýunça talaplyk (zayawka) tawşyrmaga bäsleşik yglan edildi.

Bäsleşıgıň şertleri boýunça talaplygyň (zayawkanyň ) iň soňky kabul edilmeli möhleti :


Telemedisinanyň ylmy forumyň içindäki orny

Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “ Lukmançylyk ylmyń we bilimiń ösüşinde Telemedisinanyń wezipesi” atly ylmy-tejribeli maslahat geçirildi. Maslahatda Ýewrosoýuzyń "TEMPUS" maksatnamasynyń çäklerinde geçirilyän "MEDET" taslamasynyń gidişi amala aşyryldy.

210916-29.jpg210916-31.jpg

http://www.turkmenistan.gov.tm/_eng/?id=6471


Capacity Building in Higher Education

Bu berlen resminamalar boýunça, Türkmenistan döwleti üçin milli we sebitleýin ähmiýetleriň sanawy bilen tanyş bolup bolýar. Hem-de Ýokary bilimiň potensialynyň ösdürilmegi boýunça hyzmatdaşlaryň gözleg görnüşi bilen tanyş boluň.

Gadyrly dostlar!

Ikinji bäsleşige Capacity Building in Higher Education (CBHE) gatnaşmak ücin talaplylygyň düzümine girýän, hemme resminamalar we şahsy maglumatlar, audiovizual serişdeleriniň öwrenişi we medeniýeti boýunça Ýerine Ýetiriji agentligiň web – saýdynda ýerleşdirilendir.

http://eacea.ec.europa.eu/erasmus-plus/funding/capacity-building-in-field-higher-education-eaca042015_en

Bu berlen bäsleşigiň taslamalary üçin Ýewropa Komissıýa, Merkezi Aziýa döwletler üçın 9,2 million ýewro bölýär.


Türkmenistanda Erasmus+ Ýewropa Birleşiginiň seminary

2015-nji ýylyń Sentýabr aýynyń 21- ne Türkmenistanda Milli Erasmus+ ofisy, Türkmenistanyň Bilim Ministirligi, Türkmenistandaky Ýewropa Birleşiginiň Býuro gatnaşygy we Bilim, Audiovizual serişdeleriniň öwrenişi we medeniýeti boýunça Ýerine Ýetiriji agentligi arkaly «Ýewropanyń terjime ulgamy we kreditleriń köpelmegi. Kwalifikasion çäkleri» atly seminary geçirildi.

Gutlag sözi bilen çykyş edenler – Türkmenistandaky Erasmus+ ofisiniň Utgaşdyryjysy hanym Aýna Çörekliýewa we Birleşik Ýewropa uniwersitetleriniń baş maslahatçysy jenap Goward Dewis

Geçirilen ýeri: Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty (Magtymguly Şaýoly 68, ş.Aşgabat)