Milli hünärmenler toparynyň ýokary bilimini özgertmesi boýunça maksatlary we wezipeleri


Milli hünärmenler toparynyň ýokary bilimini özgertmesi boýunça maksatlary we wezipeleri:

1. Hünärmenleriň maksatlary:

Milli hünärmenler toparynyň ýokary bilimini özgertmesi boýunça maksatlary - ýokary bilim ugrunda ýurtlarda özgertmelere ýardam etmek we kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, ekspert bilimleriniň möçberini üpjün etmeli we, şonuň üçin, öz ýurdunda ýokary bilim ugrunda syýasy özgertmeleri işläp taýýarlamakda gatnaşmaly.

2. Hünärmenleriň borjy üç sany esasy ugry boýunça geçirilýär:

- Ýerli häkimýet guramalary bilen berk gatnaşykda kämilleşdirmäni, özgertme ýagdaýyny we ýokary bilim ugrundaky strategiýasyny goldamak arkaly olaryň degişli ýurtlarynda syýasatyny işläp düzmegi boýunça ýardam etmek, hususan hem, okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamak, dolandyryşy, menedžmenti, ýokary bilim we edara ulgamlarynyň işlemelerini kämilleşdirmek, ýokary bilim sektorynyň we has giň sosial we ykdysady gurşawynyň arasyndaky aragatnaşygy berkitmek we beýlekiler.

- Ýewropa birleşigi bilen ýokary bilim ugrunda syýasy gepleşigi goldamak, mümkin boldugyça, Ýewropa Komissiýasynyň astynda kesgitlenen Erasmus+ maksatnamasynyň ýa-da beýleki mümkin bolan başlangyçlar ugrundaky dürli syýasy maksatnamalaýyn guramalar bilen arkalaşmak we sazlaşmak.

- Erasmus+ we Ýewropa Birleşiginiň ozalky maksatnamalarynyň taslamalaryny, olaryň netijelerini, aýratyn hem, öňdebaryjy tejribeligi we täzeçe başlangyçlary goldamak, olary maksatlary kämilleşdirmek we ösdürmek üçin peýdalanmak .


Halkara derejedäki wezipeler:

а) Mahsus bolan maslahatda ýa-da tejribede zerurlyk çekýän milli guramalar, öz ýurdundaky milli hünärmenler toparlary beýleki ýurtlaryň hünärmenlerine Milli Erasmus+ ofisynyň üsti bilen ýardam üçin ýüzlenip bılerler.

b) Komissiýa hünärmeni ýokary biliminiň pudagyndaky wezipä bellemeginde, beýleki hünärmenler üçin niýetlenen halkara derejedäki okuw sapaklaryny işläp taýýarlamagy we amala aşyrmagy üçin, milli organlara ýüzlenip bıler.

Milli derejedäki wezipeler:

Hünärmenler Lissabon şertnamasynyň we Bolon jaranamasynyň esasynda öz ýurtlary üçin baş ýörelgeleriniň we özgertmeleriniň işläp taýýarlanyşyna gatnaşýar. Şeýle hem olor strategiýanyň işläp taýýarlanyşynyň Lissabon şertnamasynyň we Bolon jarnamasynyň akademiki däl gurluşyň hyzmatdaşlygyna gatnaşmak üçin çagyrylyp bilerler.